Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Täze ýyl teatr marafony 10-njy ýanwara çenli dowam eder

12:0703.01.2024
0
22183

Türkmenistanda däp bolan Täze ýyl teatr marafony badalga aldy. Baýramçylyk oýunlary we çykyşlary 10-njy ýanwara çenli her gün görkeziler.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habaryna görä, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry tomaşaçylary «Gelin gelýär...», «Ependi we goňşulary», «Gelinler», «Giýewleriň bäsleşigi», «Hindi rowaýaty» we beýleki gülküli-sazly oýunlara tomaşa etmäge çagyrýar.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýaş tomaşaçylar üçin «Gezekli çemçe», «Şadyýan sazandalar», «Mähriban dideler», «Sakarja geçi», «Aç möjek» çykyşlary görkeziler.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda meşhur ýerine ýetirijiler we aktýorlar «Esen şohuň aýdymy», «Durmuş diňe düýş däl», «Demir aýal», «Gopbam towşanjyk», «Jadyly söz» gülküli-sazly oýunlar bilen çykyş eder.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda çagalar üçin «Baba-ýaganyň hileleri» we «Grinç — Täze ýyl ogurlan» ýaly gülküli eserler görkeziler. Teatr ýaş tomaşaçylary we olaryň ene-atalaryny Täze ýyl hekaýatlarynyň dünýäsine çümmäge çagyrýar.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry çykyşlara we aýdym-sazly, gülküli oýunlara tomaşa etmäge çagyrýar.

Türkmen Döwlet gurjak teatry çagalar üçin özüniň iň gowy oýunlaryny we çykyşlaryny görkezer.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry we ýurduň welaýat teatrlary hem tomaşaçylar üçin gyzykly eserleri taýýarlady.

Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň meýdançalarynda akhalteke atlarynyň, atly ýigitleriň tolgundyryjy sirk çykyşlaryny görüp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň