Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglaryny aldy

11:4101.01.2024
0
31221

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesinden täze, 2024-nji ýyl mynasybetli mähirli gutlaglar gelip gowuşdy. TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet Baştutanlary iberen gutlag hatlarynda dostlukly gatnaşyklaryň täze ýylda has-da pugtalandyryljakdygyna we ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi we Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas iberdi.

Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary gutlaglarynda Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkyna hoşniýetli arzuwlary aýtdylar hem-de döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň