Soňky habarlar

Arhiw

Täze ýyl gijesi awtobuslar gije 1-e çenli hereket eder

16:3531.12.2023
0
30185
Täze ýyl gijesi awtobuslar gije 1-e çenli hereket eder
surat: awtoulag.gov.tm

31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gijede Türkmenistanyň şäherlerindäki jemgyýetçilik ýolagçy awtobuslary 06:00-dan 01:00-a çenli halka hyzmat eder.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, Aşgabat, Arkadag, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat şäherlerinde jemgyýetçilik awtobuslary 31-nji dekabrda 06:00-dan 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 01:00-a çenli hyzmat eder.

Şeýle hem Aşgabat — Gökdepe, Aşgabat — Änew, Gökdepe — Arkadag ugurlary boýunça ýolagçy awtobuslary-da 1-nji ýanwara geçilýän gije sagat 01:00-a çenli hyzmat eder.

Şonuň ýaly-da, gije-gündiziň dowamynda taksi hyzmatlarynyň ýerine ýetiriljekdigi barada hem habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň