Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Emin Kepillik market» dükanlar tory amatly söwda etmäge çagyrýar

08:2731.12.2023
0
47874

«Emin Kepillik market» dükanlar tory Aşgabadyň ýaşaýjylaryny her günde amatly söwda etmäge çagyrýar.

Marketleriň assortimentinde — Täze ýyl süýjülik sowgatlyklary, gök önümler, miweler, et we et önümleri, däne önümleri, gazly hem gazsyz içgiler we dürli görnüşli süýjüler ýaly ýerli, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän köpdürli harytlar hödürlenilýär.

Dükanlar torunyň özboluşly tapawutly tarapy hem, onuň çörek we konditer önümlerini bişirýän özbaşdak kärhanasynyň bolmagydyr. Ol ýerde gyzgyn çörek we çörek önümleri, kökeler, tortlar taýýarlanylýar. Kökeleri islege görä dürli görnüşlerde bişirýärler.

«Emin Kepillik» marketlerinde yzygiderli amatly aksiýalar geçirilip, ähli harytlara arzanladyşlar yglan edilýär. Dükanlaryň assortimenti bilen tanyşmak hem-de häzirki aksiýalar barada gyzyklanmak üçin sosial media ulgamyndaky «Emin Kepillik market» sahypasyna girip bilersiňiz.

Marketler sagat 8:00-dan 22:30-a çenli işleýär. (+993 65) 48-93-34 telefon belgisi arkaly bolsa önümleri sargyt edip bolýar.

200 manatdan köp möçberde söwda eden alyjylara eltip berme hyzmaty tölegsizdir. Şeýle hem Parahat-4 ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylary üçin harytlary öýlerine tölegsiz eltip bermek göz öňüne tutulandyr.

Habarlaşmak üçin:

• Esasy dükanyň ýerleşýän salgysy: Parahat-4 ýaşaýyş toplumy, Andalyp köçesi, 72-nji jaý (ozalky «Balyk» restorany);
● Telefon belgisi: (+993 65) 48-93-34;
● Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň