Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Toyota» kompaniýasy çagalaryň arasyndaky «Arzuwymdaky awtoulag» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemini jemledi

16:1830.12.2023
0
57464

29-njy dekabrda, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, «Toyota» kompaniýasy her ýylda geçirilýän «Arzuwymdaky awtoulag» atly çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşigiň jemini jemledi. Dünýäniň dürli künjeklerinden bäsleşige gatnaşyjylaryň işleri kompaniýanyň Ýaponiýadaky ofisine iberildi. Bu ýerde ýörite topar iň gowy suratlary saýlady.

8-11 ýaş toparyndaky birinji orny Türkmenistandan Amina Agaýewa eýeledi. Gyzjagaz «Toyota-nyň» baş baýragyna – «Samsung Tab S9» planşetine mynasyp boldy.

Sylag gowşuryş dabarasy «Toyota» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri – «Garagum Ulag» HJ tarapyndan Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda geçirildi.

Çärä 250 adam çagyryldy. Olaryň hatarynda «Arzuwymdaky awtoulag» atly bäsleşige gatnaşan ýaş suratkeşler we olaryň ene-atalary bar. Çagalarda ýakymly täsir galdy. Olara «Baba Ýaganyň hileleri» atly spektakl görkezildi we Täze ýyl sowgatlary berildi.

«Biz «Toyota-da ähli uly açyşlaryň ýönekeý pikirden döreýändigine ynanýarys. Siziň suratlaryňyz özboluşlylygy we hyýalylygy bilen bizi haýran galdyrdy. Belki, biriňiz inžener ýa-da dizaýner bolarsyňyz we geljegiň awtoulaglaryny döredersiňiz. Okuwyňyzda, döredijiligiňizde we durmuşyňyzda üstünlik arzuw edýäris! Biziň dilerlik merkezimiz indiki ýylda hem täze işleriňize garaşýar!» diýip, kompaniýanyň wekili belledi.

«Garagum Ulag» kompaniýasy ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlaýar!

«Goý, bu baýramçylyk size uly şatlyk, bagt we ýagşylyk getirsin. Goý, öýleriňizde parahatçylyk we abadançylyk, ýüregiňizde bolsa söýgi we özara düşünişmek höküm sürsün» diýlip, gutlagda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň