Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa Bileleşigini esaslandyran Žak Delor aradan çykdy

13:0029.12.2023
0
37850
Ýewropa Bileleşigini esaslandyran Žak Delor aradan çykdy
Surat: officelife.media

Parižde Ýewropa komissiýasynyň öňki başlygy Žak Delor 98 ýaşynda aradan çykdy, ony Ýewropa Bileleşiginiň atasy we binagäri hasaplaýarlar diýip, AFP habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» portaly ýazýar.

Syýasatçynyň aradan çykmagy bilen bagly gynanç hatynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron oňa Ýewropanyň binagäri, adalatlylygyň göreşijisi hökmünde baha berdi.
1981-1984-nji ýyllarda Delor Fransiýanyň maliýe ministri boldy, 1985-nji ýylda Ýewropa komissiýasyna ýolbaşçylyk etdi, ol bu wezipde üç möhlet bilen, tä 1995-nji ýyla çenli işledi.

Deloryň başlyklyk eden döwri Ýewropada umumy bazar giňişliginiň kesgitlenmegi, Şengen ylalaşyklarynyň baglaşylmagy, «Erazmus» talyp alyş-berişligi maksatnamasynyň kabul edilmegi, şeýle-de bitewi ýewropa pulunyň – ýewronyň döredilmegi bilen häsiýetlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň