Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen rus aýdymçysy Anna Suroçkina (Nýuşa) «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at bilen sylaglanyldy. Bu barada TDH ýazýar.
Rus aýdymçysy bu sylaga Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri üçin mynasyp boldy diýlip Permanda bellenilýär.