Asly türkmen bolan eýranly aýdymçy Emin Rasen türkmen aýdymçylary Ahmet Atajanow we Begmyrat Annamyradow bilen bilelikde aýdym ýazdy we şekilli aýdym düşürdi. Bu barada Halkara maglumat merkezi tarapyndan habar berildi.
«Watan hakda» we «Bagtyýar nesilleriň buýsançnamasy» atly aýdymlarda gadymy däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň utgaşygy görkezilip, türkmen medeniýetine bolan söýgi beýan edilýär. Şekilli aýdymlar türkmen halylary, milli lybaslary we täsin tebigaty ýaly milli öwüşginlere baý diýip, çeşme belleýär.
Aýdymçylar tomaşaçylara türkmen senetçiliginiň baýlygyny görkezmek bilen, milli eşiklerde peýda bolýarlar. Bu şekilli aýdymlar gadymy türkmen däpleriniň reňkli dünýäsine aralaşmak üçin mümkinçilige öwrüldi.
Aýdymlar we şekilli aýdymlar Emin Raseniň Aşgabatda 24-nji dekabrda Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede geçirilen ýekelikdäki konsertiniň öňüsyrasynda ýazyldy.
25-nji dekabrda Aşgabatda türk ýyldyzlary Burak Bulutyň we Kurtuluş Kuşuň, 26-njy dekabrda bolsa rus aýdymçysy Nýuşanyň we ýerine ýetiriji Olga Şultaýsyň konsertiniň geçiriljekdigini ýatladýarys.