Liwiýanyň Türkmenistandaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça býurosy tarapyndan Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Liwiýanyň garaşsyzlygynyň 72 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy. Bu barada «Turkmenportalyň» habarçysy habar berdi.
Kabul edişlige Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, işewürler, medeniýet-sungat işgerleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Kabul edişlikde giriş sözi bilen Liwiýanyň Türkmenistandaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça býurosynyň ýolbaşçysy Mahmud Abdulaziz Hasan çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Liwiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp geçdi. Şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklary hem-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow gutlag sözi bilen çykyş etdi. M.Gurdow öz çykyşynda 1992-nji ýylyň dekabrynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýan resminama gol çekilmeginden başlap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň taryhyny ýatlap geçdi. M.Gurdow Liwiýanyň halkyny garaşsyzlyk güni bilen gutlady we 30 ýyldan gowrak wagt bäri ýurtlaryň syýasy, medeni-ynsanperwer ugurlarda aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.
Kabul edişlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.