Hytaý Aýda bina gurmak üçin 3D-çap tehnologiýasyny synag etmegi meýilleşdirýär diýip, «China Daily» neşirine salgylanýan «24KZ» habar berýär.
Bu ugurdaky barlaglar üçin Pekin 2028-nji ýylda «Çane-8» aýgezerini äleme uçurmakçy. Onuň bilen Aýyň topragyny binanyň gurluşygynda peýdalanmak üçin robot-ussa uçurylar.
HHR-iň Milli kosmos edarasynyň habaryna görä, bu tehnologiýanyň birnäçe artykmaçlyklary bar. Birinjiden, 3D-çap ýerli çig maly ulanmak bilen, gurluşygyň bahasyny we Ýerden äkitmeli zerur serişdeleri kemeltmäge mümkinçilik berer. Ikinjiden, tehnologiýa robotlaşdyrylyp, ol kosmonawtlar üçin howpsuz bolar. Pekin Aý bazasyny öňdäki 5 ýylyň dowamynda gurmaga başlamakçy diýlip, habarda aýdylýar.