Şu gün Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde her ýylda guraýan bäsleşigine şu ýyl hem ýurduň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaşlar gatnaşdylar.
Ozal habar berşimiz ýaly, ýaş aýdymçylaryň arasyndan jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Jemleýji bäsleşige belli artistler, kompozitorlar, şahyrlar, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we köp sanly ýaşlar tomaşa etmäge geldiler.
Şeýlelikde, bu gezekki bäsleşigiň ýeňijisi bolan Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Oňa göçme kubok hem-de sowgat gowşuryldy. Ýeňijä kubogy «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň geçen 2022-nji ýyldaky ýeňijisi Rüstem Hallyýew gowşurdy.
Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, aýdymçylar onda öz sesiniň arassalygyny, owazyny görkezmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi we watansöýüjilik aýdymlary ýerine ýetirildi.
Bäsleşikde ýerine ýetirilen her bir aýdym babatda meşhur sungat işgärleriniň pikirleri diňlenildi. Şeýle hem olar ýaş aýdymçylara özleriniň maslahatlaryny berdiler. Şol wagt bolsa ses bermek işi dowam etdi. Tomaşaçylardan gelip gowşan SMS habarnamalary hasaplanansoň, bäsleşigi alypbaryjylar onuň jemlerini yglan etdiler. Bu çözgüt tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň köp sesine mynasyp bolan aýdymçynyň kesgitlenmegini şertlendirdi.
Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde Annaberdi Orazmämmedow birinji, Şatlyk Gurbannazarow ikinji, şeýle-de Perhat Öräýew üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.