Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

15-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakylar

11:0714.12.2023
0
35365

Aşgabat şäher häkimliginiň habaryna görä, 15-nji dekabrda agşam «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançasynda oturdylan Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakylar.

Şeýlelikde, bu çäre ýurtda Täze ýyl baýramçylygynyň başlanmagyny alamatlandyrar. Dabaradan soň, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky şäherlerde bezelen Täze ýyl arçalarynyň hem baýramçylyk yşyklary ýakylar. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherindäki Täze ýyl arçasy hem ilkinji gezek yşyklaryny ýakar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatdaky «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançasynda dikiljek Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi 44 metr bolar.

Geçen ýylyň başynda Türkmenistan Baş arçasynyň beýikligi boýunça GDA ýurtlarynda öňdeligi eýeläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň