Amerikanyň San-Fransisko şäherindäki biotehnologik kompaniýada «It garrylygyna garşy derman» oýlanyň tapyldy diýip, «MIR 24» habar berýär.
Derman itleriň iri tohumlary üçin täsirlidir. Alymlar serişdäniň agramy 18 kilogram we ondan ýokary bolan ähli itleriň garramagyny haýallatmaga ukyplydygyny aýdýarlar. Ol ýaş bilen bagly keselleriň döremeginiň öňüni alýar.
Weterinarlar itleriň ortaça ýaşynyň 10-13 ýyl aralygyndadygyny belleýärler. Has uly tohum itler bolsa ir garraýarlar. Munuň sebäbi olaryň göwresi we ösüş tizligi bilen baglydyr.
Dermanyň üstündäki işler eýýäm dört ýyl bäri dowam edýär. Ol ABŞ-nyň Azyk harytlaryna we dermanlara gözegçilik edarasynyň (FDA) şertli rugsatnamasyny alandan soňra, uly synagdan geçiriler. Emma muňa hem birnäçe ýyl gerek bolar. Täze derman 2026-njy ýylda satuwa çyksa gerek diýip, «New York Post» neşiri ýazýar.