Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

13:1212.12.2023
0
27414
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada köp sanly ýaşaýjylar we myhmanlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Halkara maslahata, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň ýolbaşçysy hem-de wekilleri, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow halkyň parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki dabara gatnaşyjylar gül desselerini goýýarlar.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň