Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman megapolisi bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary hem-de gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň we onuň gurluşygynda hem-de bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, onuň bezeg aýratynlyklarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň çäginde oturdyljak heýkelleriň, Arkadag şäheriniň girelgesinde guruljak özboluşly döwrebap arkanyň (ötügiň) şekil taslamalary, täze şäheriň metjidiniň yşyklandyryş ulgamyna degişli dürli görnüşli serişdeleriň şekilleri hem-de Arkadag şäheriniň futbol klubunyň, futbolçylaryň sport lybaslarynyň görnüşleri bar.
Aýratyn-da, Oba hojalyk uniwersitetiniň we oňa degişli ylmy-önümçilik merkezleriniň gurluşygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir. Obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşinde möhüm ähmiýeti boljak ýokary okuw mekdebiniň, oňa degişli ylmy-barlag institutlarynyň binalary we ugurdaş düzümleriniň ähli desgalary bu şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.
Şeýle hem Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň görnüşleri bilen tanşyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu künjekde ýurduň oba hojalygynda uly iş bitirip, belent abraýa eýe bolan şahsyýetleriň heýkellerini oturtmak meselelerini işjeň öwrenmegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde, gurluşykda we binalaryň bezeg işlerinde milli ýörelgelere zerur üns berilmelidigi bellenildi.