Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Russiýa Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

18:0706.12.2023
0
24661

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasiniň arasynda bolan duşuşygyň esasy temalarynyň birine öwrüldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Grigoriý Karasin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki hyzmatdaşlygyň ruhunda ösýändigini belläp, Russiýanyň mejlisiniň ýokary palatasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ikinji Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek we ony üstünlikli geçirmek babatda bilelikdäki işe bil baglaýandygyny aýtdy.

Raşid Meredow kanun çykaryjy edaralaryň türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandynyň ýokarydygyny nygtady we möhüm tejribe toplanan halkara guramalarynyň çäklerinde bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegini goldady.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklar aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar we Türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň täze binasynyň gurulmagy we A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebi üçin goşmaça binanyň gurulmagy ýaly meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň