Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisine taýýarlyk görülýär

08:1025.11.2023
1
22971

Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçiriljek 6-njy mejlisine taýýarlyk görülýär.

TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky­ Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir. Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, täze geljegi uly ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, degişli ikitaraplaýyn Ylalaşygyň esasynda, agzalan komitet döredildi. Häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi geçirildi. Komitetiň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag we logistika, oba hojalygy, himiýa we dokma senagaty, ylym we bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri girizildi. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň