Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçysy IX bütinrus ýerine ýetirijilik «Sazçylyk ýaryşy» atly bäsleşikde ýeňiji boldy

11:5422.11.2023
0
34560

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterbug şäherinde çagalar sazçylyk mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda IX bütinrus ýerine ýetirijilik «Sazçylyk ýaryşy» atly bäsleşik geçirildi. Onda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Leýli Garýagdyýewa baýrakly üçünji orna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu bäsleşik şu ýylyň 1 — 25-nji oktýabry aralygynda geçirilip, oňa 16 müňde golaý çaga gatnaşdy. Leli Garýagdyýewa bu bäsleşige gatnaşyjy 1 müň 40-njy çaga bolup hasaba alyndy diýlip, habarda bellenilýär.

Bäsleşige Leýli Garýagdyýewa onlaýn görnüşde gatnaşdy we bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda Sergeý Rahmaninowyň «Etýud suraty» atly saz eserini ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň