Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy öz işini başlady

14:1516.11.2023
0
28214

Şu gün Mary welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly ýaşlar forumy öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri gatnaşýar. Dürli ýurtlardan gelen wekiliýetleriň düzümi ýaş alymlardan, telekeçilerden, döredijilik bilen meşgullanýanlardan, parlament wekillerinden hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçilerinden ybaratdyr.

Forum başlamazdan owal, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň dürli ulgamlarda ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän sergini synladylar. Forumyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy.

Gutlagda hormatly Prezidentimiz: «bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip belleýär.

Forumyň maksady «Merkezi Aziýa-Hytaý» formatynyň çäginde ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak üçin interaktiw platformany döretmekden ybaratdyr. Forumyň esasy wezipesi ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bähbidine olaryň aň we döredijilik zehinlerini durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri giňeltmekdir.

Forumyň tematiki sessiýalary ýaşlar üçin möhüm mowzuklar bolan sebit başlangyçlary, energiýa howpsuzlygy, Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysadyýet bilimi nukdaýnazaryndan üýtgemegi, ýaşlaryň öňe sürýän täzeçilliklerini sebitiň dürli wajyp meseleleriniň çözgüdi hökmünde ulanmak ýaly ugurlara bagyşlanylar. Bularyň ählisi ýaşlaryň arasynda durmuş gymmatlyklaryny ösdürmegiň guraly hökmünde seredilýär. Her bir tematiki sessiýalara bilermenler hem-de her döwletden 4 sany wekil gatnaşar. Sessiýalar iňlis we rus dillerinde geçiriler.

Forumyň çäginde Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda festiwal geçiriler. Wekiliýetler üçin Mary welaýatyň taryhy ýadygärliklerine gezelenç hem guralar. Çäreler 18-nji noýabra çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň