Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti dikuçarda Aşgabatdaky we Arkadag şäherindäki gurluşyklar bilen tanyşdy

23:0614.11.2023
0
30576
Türkmenistanyň Prezidenti dikuçarda Aşgabatdaky we Arkadag şäherindäki gurluşyklar bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow uçuşynyň dowamynda Aşgabadyň täze gurluşyklarynda hem-de Arkadag şäheriniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň gidişini, şeýle hem ýurduň paýtagtyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylyşyny synlady.

Aşgabadyň günbatar böleginde, hususan-da, Gurtly we Köşi ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan has oňaýly ýaşaýyş jaýlary guruldy. Bu toplumlarda ugurdaş durmuş desgalarynyň bina edilmegine aýratyn üns berildi. Belentlikden şäheriň bu künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi aýdyň görünýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary Aşgabadyň günbatar künjegine tarap ugur alyp, döwlet Baştutany guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäklerinde gurlan dürli maksatly binalary, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde dowam edýän toplumlarda alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlap, ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary Arkadag şäheriniň ýokarsynda öwrüm etdi. Häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň işlerine badalga berildi. Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda täze şäheriň çägini giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Döwlet Baştutany resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýer B.Annamämmedowa degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda paýtagt şähere barýarka, türkmen halkynyň beýik geçmişiniň şaýady bolan Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý galasyny synlady. Bu ýerde degişli rejeleýiş işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary häzirki wagtda gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Stomatologiýa merkeziniň ýokarsynda öwrüm etdi. Şeýle hem döwlet Baştutany şäheriň merkezi böleginde ýerleşýän seýilgäh zolagyny we onuň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalary synlap, seýilgähiň arassaçylygyny we abadançylygyny üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanynyň dikuçary Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň dowam edýän künjegine tarap ugur aldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şäheriň demirgazyk künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, hususan-da, Çoganly ýaşaýyş toplumynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny synlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň