Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçiriler

15:0314.11.2023
0
27457

Şu ýylyň 18 — 20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Dostlukly döwletiň Medeniýet günleriniň dabaralary Aşgabat hem-de Türkmenabat şäherlerinde guralar diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.

Medeniýet günleriniň çäginde dostlukly ýurduň sungat ussatlary özleriniň ajaýyp aýdymdyr sazlary bilen çykyş ederler. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda ýurduň amaly-haşam sungat eserleriniň hem sergisi guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň