Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we ÝUNESKO hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar

19:0112.11.2023
0
20967

ÝUNESKO-nyň Parižde geçirilen Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa bilen ÝUNESKO-nyň Almatydaky klaster edarasynyň müdiri Amir Piriçiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen duşuşyk iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.

Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň şu ugurlary boýunça ylalaşdylar:

  • ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Guramanyň Almatydaky klaster edarasyna goşulmagy. Munuň özi iki tarapyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirer we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň netijeliligini ýokarlandyrar.
  • Milli we sebit derejesinde, esasan-da Beýik Ýüpek ýoly geçelgeleriniň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmek. Munuň özi sebitde bilimiň, ylmyň, medeniýetiň ösmegine we medeni mirasy gorap saklamaga goşant goşmaga mümkinçilik döreder.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň