Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany resminama Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen gol çekdi.