Her ýyl howanyň hapalanmagy sebäpli döreýän dürli kesellerden dünýäde 7 million adam pida bolýar diýip, «Habar 24» ýazýar.
BMG-niň maglumatlaryna görä, bu san barha artýar. Ýagdaýa howanyň üýtgemegi we senagat işi täsir edýär.
Howanyň düzümindäki zyýanly bölejikler 4 milliarddan gowrak adama täsir edýär.
Dünýäde iň hapa şäherleriň sanawynyň başyny Bangladeşiň paýtagty Dakka eýeleýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Bangladeşde her ýyl 88 müň adam pida bolýar.
Ýewropada ilatyň 98 göterimi kadadan ýokary bolan hapa howadan dem alýar. Bu yklymda howanyň düzümindäki zyýanly bölejiklerdir tozan kadadan 5 esse köpdür. Esasan hem, Afiny, Pariž, Barselona şäherlerinde ýagdaý ýaramazdyr.
Tailandyň paýtagty Bankgok sanawda 11-nji orunda ýerleşýär, her ýyl tokaý ýangynlarynyň tüssesi sebäpli bu şäherde howanyň hapalyk derejesi Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň bellän howpsuz çäginden 10 esse artykdyr. Ýurtda ýaramaz howadan pida bolýanlaryň sany semizlik, çilimkeşlik, hatda ýokanç keseller sebäpli pida bolýanlardan hem köpdür.