Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Azerbaýjan Respublikasy durmuş-ykdysady ulgamda täze sepgitlere ýetdi, şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak ýolunda ynamly öňe barýar. Biz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin - diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow azerbaýjan kärdeşi Ilham Aliýewe iberen gutlag hatynda belleýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.