Gyrgyzystan gazak elektrik toguny satyn almakçy

16:5513.09.2023
0
26003

Gyrgyzystan gazak elektrik toguny satyn almak isleýär diýip, «Tengrinews.kz» habar berýär.

Habarda Gyrgyzystanyň Gazagystandan güýz-gyş möwsümini geçmek üçin 1,5 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasyny satyn almak isleýändigi bellenýär.

Gyrgyzystanda bu ýyl elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi 3,2 milliard kilowatt-sagady düzýär. Elektrik togunyň senagat we hojalyk maksatly ulanylmagynyň artmagyndan ötri, ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişi hem pese gaçdy.

Gyrgyzystanyň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew sentýabrdan 1-nji aprele çenli Gazagystanyň 1,5 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasy bilen üpjün etjekdigini habar berdi.

Öňdäki gyşyň sowuk gelmeginden ätiýaçlanyp, ilat üçin geçen ýyldaky ýaly, energiýa sarp edilişinde çäklendirme giriziler.

Gyrgyzystan her ýyl takmynan 14 mlrd kWt/sag elektrik energiýasyny öndürýär. Emma sarp edilişiň möçberiniň ýokary bolany üçin, ýetmezçiligi importyň hasabyna ýapýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň