Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet agzalary Türkmenistana saparynyň çäklerinde Aşgabatda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýdular. Soňra myhmanlar Arkadag şäherine baryp gördüler. Olar täze, «akylly» şäheriň ajaýyp gözelliklerini we döwrebap ösüşlerini synlap, ilki bilen, Arkadag şäheriniň häkimligine geldiler.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Arkadag we Sankt-Peterburg şäherleriniň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, şeýle-de Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada çäreleriň Meýilnamasyna, «Ýol kartasyna» gol çekildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň, myhmanlar Arkadag şäherine aýlanyp gördüler. Häzirki zaman, «akylly» şäher bilen giňden tanyşlyk Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyndan başlandy. Bu ýerde myhmanlar mähirli garşylanyp, kitaphana, onuň binagärlik aýratynlyklary, bölümleri bilen tanyşdyryldy.
Russiýaly myhmanlar ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň birine, Arkadag şäheriniň «Nesip» söwda merkezine, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine hem baryp gördüler.
Soňra myhmanlar Arkadag şäheriniň giň gözýetime uzap gidýän gözelliklerini, giň we döwrebap ýollaryny synladylar.