Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri, şeýle-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň 8 aýynda ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, garalýan döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 30-sy we Mejlisiň kararlarynyň 36-sy kabul edildi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Halk Maslahaty, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary, syýasy partiýalar bilen bilelikde, ýurduñ Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hem aýtdy.
Döwlet Baştutany kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, jemgyýetiň durmuşyna degişli möhüm kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak we kabul etmek işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.
Soňra mejlisiň barşynda wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 8 aýynda alnyp barlan işler we olaryň netijeleri, şeýle hem pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti käbir resminamalara hem gol çekdi.
Hökümet mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, döwlet Baştutany mejlisi jemledi.