Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Wýetnamyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda onlaýn görnüşde syýasy geňeşmeler geçirildi

15:4308.09.2023
0
33202

Şu gün Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde bellenildi. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň, degişli döwlet edaralarynyň arasynda birnäçe çäreleri geçirmek teklip edildi.

Döwletara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek nukdaýnazaryndan bilim, ylym, sport we medeni alyş-çalyş ugurlarynda geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebit we halkara gün tertibi barada pikir alyşmak maksady bilen yzygiderli syýasy geňeşmeleriň işjeňligini saklamak barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň