Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Kutahya Seramik» brendiniň Aşgabatdaky dükany radiatorlaryň köp sanly görnüşlerini hödürleýär

10:2708.09.2023
0
25240

«Kutahya Seramik» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy ýaşaýyş we ofis gurşawlary, şeýle-de wanna otaglary üçin radiatorlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär.

Haryt görnüşleriniň hatarynda dünýäniň meşhur brendleriniň, şol sanda «WARMA» — Ýewropada öndürilen guýma seksion bimetalliki radiatorlary hem bar. «WARMA» bimetallik radiatorlary ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň, administratiw, jemgyýetçilik hem-de önümçilik binalarynyň merkezleşdirilen we awtonom suw ýyladyş ulgamlarynda ulanmak maslahat berilýär.

Bu ýerde alyjylar özlerine seksion (4-den 12-1 çenli seksiýa), panelli, turbaly, dik we hatda dizaýnerlik radiatorlaryny saýlap bilerler. Dükanda radiatorlary gurnamak üçin hökmany bolan, dürli öndürijileriň öndüren düzüm bölekleriniň hem hödürlenilýändigi bellärliklidir.

Ýeri gelende bellesek, «Kutahya Seramik» dükanyndan şeýle-de sanitar keramikasyndan ýokary hilli önümleri, daşky keşbi gelşikli aksessuarlary we wanna mebellerini, suw akdyryjy enjamlarydyr duş ulgamlaryny, keramogranitden we beýleki materiallardan häzirki zaman ýer hem-de diwar örtüklerini satyn alyp bolýar.

Harytlaryň görnüşleri yzygiderli täze kolleksiýalar bilen doldurylýar.

«Kutahya Seramik» hem-de beýleki brendleriň önümleriniň görnüşleri bilen resmi paýlaýjynyň Aşgabatda ýerleşýän şu salgydaky dükanyndan giňişleýin tanşyp bilersiňiz: Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň