Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 48 sany döwlet emlägi hususylaşdyrylar

13:5606.09.2023
0
27495

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 48 sany döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryny geçirer diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Söwdalarda hususy we ýuridik şahslara Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň, Suw serişdeleri boýunça döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň, Aşgabat şäheriniň, Daşoguz, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň häkimlikleriniň, «Türkmenbaşy» bankynyň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary we desgalary satylar.

Söwdalar 20-nji sentýabrda döwlet emlägini satmak boýunça sanly platformada we bu platformanyň mobil goşundysy arkaly geçiriler.

Oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlete dahylsyz edaralaryna gatnaşmaga rugsat berdi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň