Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Kutahya Seramik» brendiniň Aşgabatdaky dükanynda laminadyň köp görnüşleri hödürlenýär

10:3101.09.2023
0
26100

«Kutahya Seramik» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysynyň dükanynda iň bir isleg bildirilýän, ýörgünli satylýan önümleriň biri laminatdyr.

Bu ýerde laminat pol örtüginiň dürli öndürijiler tarapyndan öndürilen we her dürli derejeli köp görnüşleri alyjylara ýetirilýär. Hödürlenýän laminadyň tapawutly aýratynlygy — olaryň hiliň ýokary ýörelgelerine laýyklygy we ekologik häsiýete eýe bolmagydyr.

Müşderi dürli bezeglerde ýetirilýän laminatlardan islendigini saýlap alyp biler. Şeýle hem, bu ýerde dürli baglanyşyklary bolan laminatlary tapmak bolýar. Şol bir wagtyň özünde diňe bir betonda däl, eýsem durnuksyz linolýumda-da ýerlikli ýerleşýän we synagdan geçen önümleri alyp bilersiňiz.

«Kutahya Seramik» kompaniýasynyň laminat örtüklerini hemişelik paýlaýjylar bilen ýola goýýan ýygjam gatnaşyklary ýakyn geljekde bezeg görnüşleriniň ep-esli artjakdygyny mälim edýär.

«Kutahya Seramik» brendiniň resmi paýlaýjysynyň dükany şu salgyda ýerleşýär: Ak Bugday etraby, Senagat zolagynyň çägindäki «NG Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Ýeri gelende, dükanyň assortimentiniň sosial media ulgamyndaky «Kutahya Seramik» sahypasynda hem hödürlenendigini bellemek gerek.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň