Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VII Moskwa halkara sungat festiwalynyň çäginde Moskwada taýýarlanylýan «Köp medeniýetli giňişlikde milli kompozitorlyk mekdepleriniň emele geliş meselesi» atly halkara ylmy we amaly maslahat geçiriler.
Oňa ylmyň, medeniýetiň, aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri, nazaryýetçiler we sazandalar gatnaşarlar.
Maslahat beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna gabat getirilmek bilen 2023-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Ylmy we amaly maslahata sungaty öwreniş, medeniýetşynaslyk, pedagogika, jemgyýetçilik we medeni çäreler boýunça öňdebaryjy alymlar öz derňew işlerini hödürlärler.
Festiwalyň guramaçylyk komiteti we Russiýanyň Döwlet kitaphanasy (ФГБУ РГБ) gyzyklanýanlary oňa gatnaşmaga çagyrýar.
Moskwa festiwalynda çykyş etmek isleýänler, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli: festival.sounds-of-dutar@mail.ru elektron salgysyna habar ugratmaly. Gatnaşmagyň düzgünleri bilen bolsa festiwalyň resmi saýtynda doly tanşyp bilerler.
Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalyna her ýyl Russiýanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem GDA ýurtlarynyň esasy sungat ýokary okuw mekdepleri gatnaşýar.