Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «TÜRKSOÝ türk dünýäsiniň altyn köprüsidir» atly temasyndan düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň mekdeplerinden okuwçylar gatnaşdylar.
Emin agzalaryň garamagyna umumybilim berýän döwlet mekdepleriniň 13 — 15 ýaş aralygyndaky okuwçylarynyň düzmeleri tabşyryldy. Bäsleşige gatnaşanlar öz işlerinde ata-babalarynyň medeni mirasy barada öz pikirlerini beýan etdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berdi.
Bäsleşigiň maksady häzirki wagtda dünýäde türki halklaryň medeniýetini, urp-adatlaryny we däp-dessurlaryny gorap saklamak hem ösdürmekdir.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň netijesi boýunça her ýurtdan üç okuwçy baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Türkmenistandan gatnaşan mekdep okuwçylaryň arasynda Akpamyk Maksadowa, Aýzada Gurbanmyradowa, Gülnur Annamyradowa dagy ýeňiji boldular.
Berlen tema boýunça iň oňat düzmeleriň ýygyndy görnüşinde çap edilmegine garaşylýar.