Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«NG Kutahya» dükanynda howly we açyk terrasa üçin köp görnüşli mebeller hödürlenýär

10:5008.08.2023
0
40483

Aşgabatdaky «NG Kutahya» dükany müşderileri terrasalarda we howlularda amatly hem-de oňaýly dynç ýerini döretmäge ýardam etjek mebelleriň haryt görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Bu ýerde isleglere laýyklykda, diwanlar, emeli sekiler, bag stollary we oturgyçlary, önümleriniň hili bilen tanalýan «Sette garden» brendiniň oturgyçlarydyr sallançaklaryny saýlap bilersiňiz. Howly mebelleri öndürilende afrika duby, metal, ýokary çydamlylykdaky polimer materiallary, şeýle hem ýokary hilli dokma önümleri ulanylýar.

«NG Kutahya» dükanyndaky howly mebelleri açyk howluly ýerler üçinem, hut şonuň ýaly hem basseýnler, gyş howlulary, açyk eýwanlar ýa-da restoranlaryňdyr kafeleriň terrasalary üçin-de laýyk bolup biler.

«Kutahya» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Ak bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Dükanda mebelleri salgyňa eltip bermegi sargyt edip bolýar.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgisi: 61 16 11;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž: Aşgabatdaky "Kutahya Seramik" brendiniň dükany – ýokary hilli plitalaryň we keramika granitlariň dürli görnüşlerini hödürleýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň