«Kutahya Seramik» brendiniň Aşgabatdaky dükany ýokary hilli plitkalaryň we keramogranit önümleriniň köp görnüşlerini hödürleýär

10:4828.07.2023
0
33817

«Kutahya Seramik» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy keramika plitkalaryň we keramika granit önümleriniň köpdürli haryt görnüşlerini, şeýle-de Türkiýede öndürilen santehnika önümlerini alyjylara ýetirýär.

«Kutahya Seramik» santehnika brendi hem Türkiýede, hem-de dünýä ýurtlarynda giňden tanalýar. Onuň assortimentinde plitka we keramogranit, agaja, mermere, granita we beýleki tebigy daşlara meňzeýän örtükler, şeýle-de mozaikalar, bordýurlar, plintuslar bar. «Kutahya Seramik» brendiniň kafel we keramika granit plitkasy italýan tehnologiýalaryna laýyklykda ýasalyp, onuň hili Ýewropanyň ýokary derejeli baýraklary bilen tassyklanandyr.

«Kutahyanyň» brendiniň Türkmenistandaky resmi dükanynda pol we diwar plitkalarynyň, keramika granit we santehnika önümleriniň dürli nusgalary hödürlenen. Bu dükanda şeýle-de «Sette garden», «Moreroom», «Accord», «Qsec», «Aston Louis», «Tesay», «Newarc», «Bocchi», «Hafele», «Vitra» ýaly beýleki kompaniýalaryň hem önümleri bar.

«Kutahya» dükany harytlary Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz eltip bermek bilen, ýurduň beýleki welaýatlaryna hem özbaşdak kesgitlenen töleg esasynda eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

«Kutahya Seramik» brendiniň hem-de beýleki ugurdaş brendleriň önüm görnüşleri bilen Aşgabatdaky resmi paýlaýjynyň şu salgyda ýerleşýän dükanyndan tanyşmak bolýar: Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägindäki «NG Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň