Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet eýeçiligindäki ellä golaý desga satuwa çykarylýar

16:2707.08.2023
0
38530

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi dürli maksatly 49 döwlet emlägini satmak üçin bäsleşikli söwda geçirer. Bu baradaky bildiriş şu gün «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Suw serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Aşgabat şäheriniň, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň binalarydyr desgalary hususylaşdyrylar.

Ýokardaky gurluşlaryň emlägini hususylaşdyrmak isleýän hususy pudagyň wekilleri has giňişleýin maglumat alyp bilerler. Söwdalar 24-nji awgustda ir sagat 10:00-da www.е.fineconomic.gov.tm döwlet emläkleriniň sanly söwda platformasynda geçiriler. Arzalary kabul etmek we hasaba almak söwdalaryň başlamazyndan bir gün öň tamamlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Aşgabat: (+993 12) 92-12-97/92-11-34, 39-46-09/63/69;
  • Änew şäheri: (+993 137) 3-30-21 / 3-31-80;
  • Balkanabat şäheri: (+993 222) 7-89-34/7-89-17/7-89-53;
  • Daşoguz şäheri: (+993 322) 9-10-19/9-15-10;
  • Türkmenabat şäheri: (+993 422) 6-11-52/6-11-59;
  • Mary şäheri: (+993 522) 6-06-87/6-05-41.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň