Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynda iş gurallary öndürilýär

16:4401.08.2023
0
30107

Gowaça hem şaly ekinlerine ideg işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan häzirki günlerinde Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynyň önümleriniň möçberi, edilýän hyzmatlaryňdyr işleriň görnüşleri ep-esli artdy. Netijede zawod boýunça geçen ýarym ýylyň dowamynda 1 million 470 müň manatlyk iş edildi we şu ýylyň alty aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnama 183,75 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, kärhanada tejribeli ussalaryň, ezber işçileriň 60-a golaýy zähmet çekýär. Kärhanada önümçilik bölümleriniň 2-si hereket edýär. Mehaniki bölümde oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň, ekerançylyk işlerinde giňden ulanylýan oba hojalyk gurallarynyň 46 görnüşi öndürilýär hem-de etraplardaky hyzmat ediş kärhanalaryna ugradylýar.

Tehniki bölümde bolsa metallary gaz bilen kesmek we kebşirlemek hem-de tehnikalary abatlaýyş işleri üçin ulanylýan kislorod öndürilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň