Şäherde häzirki wagtda dürli kuwwatlylykdaky şeýle häzirkizaman çyralarynyň 2000-den gowragy ilki bilen esasy köçeleriň ugrunda gurnaldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenabadyň köçeleriniň ýol yşyklary täzelenilýär. Şu günlerde welaýat merkeziniň köçelerinde yşyklandyryşyň täze innowasion görnüşleri gurnalýar.
Eýýäm Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan, S.A. Nyýazow şaýollarynyň, Altyn asyr, Görogly beg, Garaşsyz Diýar, Alty Garlyýew köçeleriniň we Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugurlarynda, Zerger şäherçesinde diodly yşyklandyryjylar bar. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bu işler geljekde-de dowam etdiriler.