Turkmenportal logo
29.07.23
6137861378
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


Duşuşygyň çäklerinde Toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýakyn geljek üçin anyk wezipeler kesgitlenildi.


Şeýle hem her ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň gün tertibi barada pikir alyşyldy.