Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Daýhanbank» DTB «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

13:3729.07.2023
0
124653

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär:

«Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwynyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.

  • Karzyň möçberi: 42 000 manada çenli;
  • Göterim derejesi: ýyllyk 5 göterim;
  • Möhleti: 3 ýyl;
  • Karzyň üpjünçiligi hökmünde 15 000 manat möçberine çenli zamunlyk we ondan ýokary 42 000 manat möçberine çenli bolsa, girew kabul edilýär.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriniň ýüztutmalaryny we degişli resminamalaryny bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edýändigini ýatladýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

  • Aşgabat şäheri – (993 12) 38-03-79; 38-02-86; 24-44-55; 24-52-85;
  • Ahal welaýat şahamçasy – (8-00-137) 3-34-39;
  • Balkan welaýat şahamçasy – (8-00-246) 5-21-51;
  • Daşoguz welaýat şahamçasy – (8-00-322) 9-35-07;
  • Lebap welaýat şahamçasy – (8-00-422) 9-13-48;
  • Mary welaýat şahamçasy – (8-00-522) 6-76-40.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň