Soňky habarlar

Arhiw

It eýesini derman we ýahdandan suw getirip halas etdi

14:1026.07.2023
0
30053
It eýesini derman we ýahdandan suw getirip halas etdi
Surat: mir24.tv

ABŞ-da it öz eýesiniň janyny halas etdi. Keti Grem atly gyz ýüregiň birdenkä çalt urmasyndan ejir çekýär.

Bu keseli sebäpli Jorjiýa ştatynyň 24 ýaşly ýaşaýjysy wagtal-wagtal ýadawlyk we güýçli baş aýlanmany başdan geçirýär, ol kähalatda huşundan hem gidýär. Şeýle pursatlara oňa derman içmek gerek, emma tutgaýyň garaşylman durka ýüze çykýandygy sebäpli ol hemişe derman içmäge ýetişmeýär.

Hernä gyza onuň awstraliýa owçarkasy tohumyndan bolan Beýli atly iti kömege ýetişýär. Oňa Ketiniň tutgaýynyň döräp biljekdigini öňünden duýmagy öwretdiler. Internetde Beýliniň şeýle pursatda çalt ylgap ýahdandan sowuk suwly çüýşäni hem-de derman gerdejiklerini alyp gelşiniň wideoşekilleri ýerleşdirildi. Ol çüýşänidir dermany dişleri bilen tutup, Ketä berýär.

Ketiniň aýtmagyna görä, Beýli oňa özüni hemişe howpsuz ýagdaýdadygyny, itiniň kömege ýetişjekdigini duýmaga kömek edýär diýip, «The Daily Mail» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň