2023-2024-nji okuw ýylyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sosiologiýa we durmuş işi ulaldylan topar boýunça taýýarlygyň durmuş işi ugruny açmak we oňa 10 adamy kabul etmek göz öňünde tutulýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamanyň amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde durmuş işi boýunça bakalawr ugrunyň açylmagy, hünär ussatlygy dünýä derejesine laýyk gelýän, ýagny nazary we amaly meseleleri innowasion çemeleşmeler esasynda çözüp hem-de täze tehnologiýalara erk edip bilýän, durmuş hyzmatlary we durmuş goraglylygy bilen bagly dersleri çuňlaşdyryp öwrenen, ýörite tejribelikleri geçen hünärmenleriň taýýarlanylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Bakalawr derejesinde bilim alan ýaşlar durmuş taýdan hyzmat edýän döwlet edaralarynda (Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň garamagynda durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar, Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky düzüm birlikleri, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary) we döwlete degişli däl edaralarda, kärhanalarda we guramalarda, ylmy-barlag edaralarynda durmuş işi boýunça hünärmen hökmünde hem-de umumybilim maksatnamalary we hünär bilimi (hünär-tehniki we orta hünär bilimi) maksatnamalary boýunça degişli bilim edaralarynda ugry boýunça bakalawrlara niýetlenen wezipelerde pedagog hem-de pedagog-psiholog hökmünde işläp bilerler.
Täze okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlar hünärmen maksatnamasy boýunça tölegsiz esasda 27 hünär, tölegli esasda 13 hünär boýunça bilim alyp bilerler.
Bakalawr maksatnamasy boýunça 4 hünär bolup, şolardan 3 hünär tölegli esasda, durmuş işi hünäri boýunça bolsa tölegsiz esasda okuwa kabul edilýär. Magistr maksatnamasynda täze açylan bilimiň pedagogikasy we psihologiýasy ugry boýunça ýaşlaryň ençemesi okuwa kabul ediler. Şonuň ýaly-da, giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýaşlar bakalawr hem-de magistr maksatnamalary esasynda bilim alarlar.
Häzir dalaşgärleriň aglabasy dil bilimi we edebiýaty öwreniş, taryh, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary ýaly ugurlara resminamalaryny tabşyrýarlar diýlip, habarda bellenilýär.