Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sinoptikler Türkmenistanda iýul aýynyň ahyryna çenli yssy howanyň boljakdygyny çaklaýarlar

15:3624.07.2023
0
60811

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň habaryna görä, iýul aýynyň ahyryna çenli Türkmenistanyň welaýatlarynda we ýurduň paýtagtynda yssy we bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar.

Ýurduň käbir sebitlerinde gündizlerine howanyň temperaturasy +43 gradusa çenli yssy bolup, gijelerine bolsa +21 gradusa çenli peselip biler.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän şemalyň tizligi sekuntda 17 metre çenli ýokarlanar.

Has takygy, Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38... +43 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +33... +38 gradus yssy bolar.

Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24... +26 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +37 gradusdan, +41... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň