Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gylyçmyradow CAFA Futsal Cup-2023-de geçirilen Eýran ― Türkmenistan duşuşygynyň iň gowy oýunçysy boldy

18:1923.07.2023
1
34187

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň derwezeçisi Pirguly Gylyçmyradow CAFA Futsal Cup-2023-iň birinji tapgyrynda Eýranyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşygyň «Iň gowy oýunçysy» diýlip yglan edildi.

Duşenbe şäherinde geçirilen duşuşygyň türkmen futzalçylarynyň haýryna 2:1 hasabynda tamamlanandygyny ýatladýarys. Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşdaky ikinji duşuşygyny 24-nji iýul güni Täjigistanyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 20-de başlanar.

«Men şu gün biziň toparymyza kanagatlanrly netije almagyň juda kyn düşjekdigini bilýärdim. Indi boldum özümiň we tutuş toparymyň oýnundan juda hoşal» diýip, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň we «Senagatbank» toparynyň derwezeçisi gürrüň berýär.

Şeýle hem ol ýaryşda türkmen ýygyndysynyň mümkin bolan iň ýokary netijäni görkezmäge synanyşjakdygyny nygtady.

«Bizi baş maksadymyz şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryna taýýarlykly barmak. Biz ýokary derejedäki oýnumyz bilen yklym ýaryşynda hem üstünlikli çykyş etmegi meýilleşdirýäris» diýip, Gylyçmyradow duşuşykdan soň beren interwýusynda aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
atabayewich ( 24.07.2023 )

Berekella! Indiki oýunlarda-da üstünlik...

0