Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýurduñ öňünde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýalar belleniler

10:4922.07.2023
0
43483

Ozal habar berşimiz ýaly, 21-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda taýýarlanan Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalary barada aýdyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny belledi.

— Şundan ugur alyp, bu ulgamdaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär — diýip, döwlet Baştutany nygtady we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň