Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyň ikinji sany köpçülige ýetirildi

11:0021.07.2023
0
42549

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň üç aýdan bir gezek taýýarlanýan «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyň (journal.scitech.gov.tm) ikinji sany okyjylar köpçüligine ýetirildi. Žurnalda ylmy işleriň türkmen, rus, iňlis dillerinde ýerleşdirilmegi ýurduň alymlarynyň ylmy netijeleriniň diňe bir ýerli okyjylara däl, eýsem, internet arkaly halkara jemgyýetçilige elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Okyjylaryň dykgatyna hödürlenen «Toplumlaýyn energiýa üpjünçilik ulgamlaryny we tehniki serişdeleri dolandyrmak» atly makalada bu ugurdaky milli strategiýany we iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde hem-de elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrmakda ähmiýetli bolan gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň ugurlaryna seljerme berilýär.

«Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda geçirilýän düýpli we amaly ylmy barlaglar ýurduň uzak möhletleýin ösüşini üpjün etmäge gönükdirilýär. Žurnalyň bu sanyndaky ylmy işleriň biri bolan «Endigan koeffisiýentli dördünji tertipli elliptiko-parabolik deňleme üçin Frankl meselesi görnüşli meseläniň umumylaşdyrylan çözüwi barada» atly makalada matematika boýunça täzeçil çemeleşmeler beýan edilýär.

«GMU tehnologiýalarynyň we ýeri uzakdan zondirlemegiň kömegi bilen, öri meýdanlaryndaky işjeň biomassalary anyklamagyň usulyýeti» atly ylmy işde emeli hemradan alnan multispektral suratlaryň esasynda, öri meýdanlarynyň işjeň biomassasyny hasaplamaga gönükdirilen ylmy barlaglaryň netijeleri berilýär.

«Ýod düzümli polimer gurluşly mikroblara garşy ulanylýan derman serişdeleri» atly makalada polimer gurluşly, ýod saklaýjy dermanlyk serişdeleri bolan ýodinolyň, ýodly krahmalyň suwdaky ergininiň, duz we kükürt kislotalary bilen gidrolizleşen krahmalyň erginleriniň ýodly birleşmeleriniň düzümleri, antibakterial häsiýetleri barada gürrüň berilýär.

Žurnalda ýerleşdirilen «Metabolik sindromyň anyklanyşy we bejergisi» atly makalada metabolik sindromy bejermekde ösümlik garyndylaryny peýdalanmagyň netijeliligi seljerilip, näsaglarda esasy bejergä goşmaça fitogaryndy ulanmak arkaly geçirilen barlaglaryň netijeleri beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň