Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Alpha Home» dizaýn studiýasy boş iş orunlaryny yglan edýär

14:1820.07.2023
0
30187

«Alpha Home» interýer dizaýnynyň studiýasy dizaýner we sürüji wezipelerine boş iş orunlaryny yglan edýär.

Bu wezipelere dalaşgärleriň degişli hünär boýunça bir ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolmalydyr. Iş tertibi: sagat 09:00-dan 18:00-a çenli, duşenbe — şenbe (gysga iş güni). Aýlyk haky söhbetdeşlikde mälim edilip, şertnama esasynda kesgitlenýär.

Sürüjilik wezipesine bolsa ýaşy 40-dan uly bolmadyk, öz ulagy bolan adamlar kabul edilýär.

Iş tertibi: sagat 08:00-dan 19:00-a çenli, duşenbe — şenbe (gysga iş güni).

Ýatlatsak, «Alpha Home» dizaýn studiýasy dürli görnüşli mebelleri taýýarlaýar, şeýle hem jaýlary we öýleri abatlamagyň giň hyzmatlaryny, interýerde 3D-wizuallaşdyrma döretmäni hödürleýär.

«Alpha Home» kompaniýasynyň ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesiniň 186-nji jaýy, «Bereket» binasy (girelge howludan).

Telefon belgileri: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81, (+993 12) 12 12 91. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň