«Alpha Home» taslamanyň deslapky 3D wizuallaşdyrmasy bilen otagyň dizaýny boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

12:3910.07.2023
0
30984

Otaglaryň dizaýn studiýasy «Alpha Home» müşderiniň ähli isleglerini, mümkinçiliklerini we otagyň niýetlenilişini göz öňünde tutup, dizaýn taslamasynyň deslapky 3D wizuallaşdyrmasy mümkinçiligi bilen öýleriň, jaýlaryň we iş otaglarynyň içerki dizaýny üçin sargytlary kabul edýär.

Otagyň 3D wizuallaşdyrmasy – bu şekiliň we ýagtylygyň kömegi bilen giňişligiň 3 ölçegli nusgasyny döretmek prosesidir. Fotorealistik 3D şekil materiallaryň, mebelleriň we bezegleriň näderejede özara sazlaşýandygyny görkezýär. Wizuallaşdyrma abatlaýyş işleri gutarandan soň otagyň nähili görünjekdigine we potratçylardan nähili netijäniň gazanyljakdygyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu tapgyrda 3D wizuallaşdyrma müşderilere taslama üýtgetmeler girizmäge kömek edýär, çünki işler tamamlanandan soň üýtgeşmeler girizmek kyn we gymmat bolup bilýär, käte bolsa bu mümkinem däldir.

Dizaýn taslamasynyň ajaýyp wizual görnüşini döretmezden ozal, amatlylyk barada pikirlenmek we iň takyk hasaplamalary etmek, şol sanda yşyklandyryş-tehniki hasaplamalara hem aýratyn üns bermek möhümdir. Şol maksat bilen, otagyň içerki görnüşini 3D şekillendirmezden ozal, dizaýnerler bilen tehniki wezipeler hakyndaky maglumatnamany doldurmak: otagyň barlag ölçeglerini geçirmek, onuň niýetleniliş maksadyny, islenilýän materiallary we ş.m. kesgitlemek; zolaklara bölmek we mebel meýilnamalaryny tassyklamak; umumy konsepsiýany ara alyp maslahatlaşmak möhümdir.

Ýatlatsak, «Alpha Home» studiýasynyň tejribeli hünärmenleri otagyň dizaýn wizuallaşdyrmasyna esaslanmak bilen, islendik çylşyrymlylykdaky abatlaýyş işini geçirip, taslamany tamamlap bilerler.

Ähli işler baý tejribesi bolan ussatlar tarapyndan öňdebaryjy öndürijileriň ýokary hilli gurluşyk materiallaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýar. «Alpha Home» studiýasynyň wekilleri zerur önümleriň sanawyny taýýarlamaga we ähli gurluşyk materiallaryny satyn almaga kömek ederler. Dizaýneriň öýe mugt baryp görmek hyzmaty hem göz öňünde tutulýar.

«Alpha Home» dizaýn studiýasyna dizaýnerlik we abatlamak işlerini sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow köç., 186, «Bereket» binasy, girelge howludan.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81, (+ 993 12) 12 12 91.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň