Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy

07:1820.07.2023
0
30691

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine amala aşyran iki günlük iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolanyp geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginiň irdenki goýberilişinde habar berildi.

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi 1981-nji ýylda döredilýär. Alty ýurt: Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygy we Saud Arabystany Patyşalygy bu sebit guramasynyň agzalary bolup durýar.

Bu guramanyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň ýolbaşçylygynda Jiddada geçirilen ýokary derejedäki sammitine geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow:

  • Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Maslahatyny döretmegi;
  • Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi;
  • Energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi;
  • Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda edarasyny döretmegi;
  • 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň birinji maýa goýum forumyny geçirmegi;
  • Medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny, ýagny Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň «Medeniýet dialogyny» döretmegi;
  • Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi;
  • Lukmançylyk we sport hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi;
  • 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň barşynda:

— Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi hem örän ähmiýetlidir. Bu ugurda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlaryny geçirmek ilkinji ädimleriň biri bolup biler. Şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmaly diýip pikir edýäris. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge, oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr — diýdi.

Şol gün iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Türkmenistana ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.

Howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Prezident Serdar Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli geçmegi we sammite gatnaşmagy bilen mähirli gutlady. Şunda Merkezi Aziýa sebiti bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Türkmenistanyň saldamly goşant goşýandygy, munuň bolsa bu hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam berýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň